Blinken, Saud Arabystanynyň Daşary Işler Ministri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Blinken bilen Faýsal, Saud Arabystanynyň adam hukuklary meselesinde eden öňe gidişligi hakynda pikir alyşdy

1591191
Blinken, Saud Arabystanynyň Daşary Işler Ministri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entony Blinken hem Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Faýsal Bin Ferhan Al Suud bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy tarapyndan mesele hakynda berlen beýannamada, “Döwlet sekretary Blinken we Ministr Faýsal Bin Ferhan Al Suud, Saud Arabystanynyň adam hukuklary meselesinde eden öňe gidişligi we Saud Arabystanynyň goralmagy üçin ediljek tagallalar hakynda pikir alyşdy” diýildi.

Beýannamada Blinken we Faýsalyň şol bir wagtda Ýemendäki içerki urşuň bes edilmegi, sebitara howpsyzlyk, terrora garşy göreş we ykdysady ösüş meselesini ara alyp maslahatlaşandygy ýatladyldy.



Degişli Habarlar