Ýaponiýanyň Fukusima welaýatynda 13-nji fewralda bolan ýer titremesinde ilkinji adam ýitgisi

Fukusimanyň şäheri häkimligi, 7,3 bal ululygyndaky ýer titremeden soň 1 adamyň ýogalandygyny beýan etdi

1590541
Ýaponiýanyň Fukusima welaýatynda 13-nji fewralda bolan ýer titremesinde ilkinji adam ýitgisi

Ýaponiýanyň demirgazyk-gündogaryndaky Fukusima welaýatynda 13-nji fewralda bolan 7,3 bal ululygyndaky ýer titremede 1 adamyň ýogalandygy habar berildi. 

Fukusima şäheriniň häkimligi, 7,3 bal ululygyndaky ýer titremeden soň 1 adamyň ýogalandygyny beýan etdi. 

Beýanatda, dostunyň ençeme wagtlap habarlaşyp bilmedik 50 ýaşyndaky 1 adamyň, öýündekä bolan ýer titremeden goranmak üçin bukulan mebeliň aşagynda öli ýagdaýda tapylandygy habar berildi. 

Beýleki tarapdan Ýangyn we Apat dolanşyk agentligi ýer titremede ýurdyň demirgazyk-gündogaryndaky 10 welaýatda 185 adamyň ýaralanandygyny we 3 müň 112 bina zeper ýetendigini aýan etdi. 

Ýer titremede  Miýagi, Iwate, Akita, Gunma, Saitama, Aomori we ýurdyň paýtagty Tokio şäherinde hem duýulypdy. 

 



Degişli Habarlar