Koronawirus Howply Bolmagynda Galýar

Koronawirus Ispaniýada 68 müň 468 adamyň ýogalmagyna, 3 million 170 müň 644 adamyň hem hasaba alynmagyna sebäp boldy

1590362
Koronawirus Howply Bolmagynda Galýar
HIRVATISTAN KORONA ASI 1.jpg
HIRVATISTAN KORONA ASI.jpg
super foto fransa korona fransa 1.jpg

 

Dünýäde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 2 million 508 müň 940, wirusa ýoluganlaryň sany 113 million 101 müň, sagalanlaryň sany 88 million 723 müň adamdan geçdi.

Epidemiýanyň merkezi ABŞ-da koronawirus sebäpli 518 müň 363 adam ýogaldy, 28 million 974 müň 620 adama ýetdi. ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda koronawirusyň has çalt ýokaşýan we has howply görnüşine gabat gelindi. ABŞ Pfizer, Moderna we Johnson and Johnson derman firmalaryndan mart aýynyň ahyryna çenli 240 million doza Kocid-19 sanjymyny alar. ABŞ 5 firma bilen 600 million adama ýeter ýaly jemi 1 milliard dozadan gowrak sanjym almak üçin şertnama baglaşypdy.

Britaniýada wirus sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 442 adam artyp 121 müň 747, wirusa ýoluganlaryň sany 9 müň 938 adam artyp 4 million 144 müň 577 adama ýetdi.

Italiýada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 318 adam artyp 96 müň 666, hasaba alynan kesellileriň sany 16 müň 424 adam artyp 2 million 848 müň 564 adama ýetdi.

Fransiýada epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 277 adam artyp 85 müň 321, wirusa ýoluganlaryň sany 31 müň 519 adam artyp 3 million 661 müň 410 adama ýetdi.

Koronawirus Ispaniýada 68 müň 468 adamyň ýogalmagyna, 3 million 170 müň 644 adamyň hem hasaba alynmagyna sebäp boldy.

Portugaliýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 50 adam artyp 16 müň 136, wirusa ýoluganlaryň sany 1480 adam arty 800 müň 586 adama ýetdi.

Daniýada 1-nji martdan başlap tapgyrlaýyn kadalaşma etabynyň başlajakdygy habar berildi.

Epidemiýa sebäpli ýogalanalaryň sany soňky 24 sagatda

Braziliýda 1428 adam artyp 249 müň 957

Meksikada 1006 adam artyp 182 müň 815

Argentinada 141 adam artyp 51 müň 650

Kolumbiýada 142 adam artyp 59 müň 260

Çilide 22 adam artyp 20 müň 173

Ekwadorda 67 adam artyp 15 müň 634

Boliwýada 39 adam artyp 11 müň 547 adama ýetdi.

Kolumbiýada, AstraZenacanyň öndüren Kowid-19 sanjymynyň adatdan daşary ýagdaýda ulanylmagyny tassyklady. Şeýlelikde, Sinowac firmasynyň öndüren “CoronaVac” sanjymyndan we Pfizer/BioNTechiň sanjymyndan soň Kolumbiýada AstraZenaca ulanylmagyna rugsat berlen üçünji Kovid-19 sanjymy boldy.



Degişli Habarlar