Dünýä derejesinde Kowid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 2 million 508 müň 940 adama ýetdi

Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 88 million 723 müň adama ýetdi

1590367
Dünýä derejesinde Kowid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 2 million 508 müň 940 adama ýetdi

Dünýä derejesinde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 2 million 508 müň 940 adama, wirusa ýoluganlaryň sany 113 million 101 müň adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 88 million 723 müň adama ýetdi. 

Hindistanda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 144 adamlyk artyş bilen, 156 müň 742 adama ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 17 müň 106 adamlyk artyş bilen 11 million 46 müň 432 adama ýetdi. 

Kowid-19 epidemiýasy sebäpli 12 müň 708 adamyň ýogalan, 574 müň 580 adamyň hasaba alynan Pakistanda çäklendirmeleriň aýrylmaga başlanandygy mälim edildi. Şol çäkde söwda merkezleri, bazarlar we şüweleň ýerleri üçin girizilen çäklendirmeler ortadan aýryldy. Epidemiýa sebäpli yza süýşürilen ýerli saýlawlaryň maý aýynyň aýynyň ahyrynda ýa-da iýun aýynyň başynda geçiriljekdigi mälim edildi. 

Liwiýada 23 adamda Britaniýada ýüze çykan koronawirusyň mutasiýa sezewar bolan görnüşine gabat gelindi. Ýurtda soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli 26 adam ýogaldy, 561 adam hasaba alyndy. 

Gazagystanda 1-nji martdan başlap koronawirusa garşy göreşiň çäginde görülen çäreleriň gowşadylmaga başlanmagy barasynda karar kabul edildi. Gazagystanda koronawirus epidemiýasy sebäpli 2 müň 718 adam ýogaldy, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa soňky 1 günde 753 adam artyp, 209 müň 562 adama ýetdi. 

Nigeriýada epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 1 müň 874 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 153 müň 187 adama ýetdi. 



Degişli Habarlar