Netanýahunyň Işine Saýlawdan Soň Serediler

Netanýahun hakyndaky galplyk işine 23-nji martda geçiriljek saýlawdan son serediler

1589068
Netanýahunyň Işine Saýlawdan Soň Serediler

Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahu hakyndaky galplyk işine 23-nji martda geçiriljek saýlawdan son serediljekdigini habar berildi

Ysraýyl tarapyndan basylyp alynan Gündogar Iýerusalimde ýerleşýän Ysraýylyň Iýerusalim sebit kazyýeti Netanýahunyň jenaýat jogapkärçiligine çekilen işinde şaýatlaryň diňlenmegine 5-nji aprelde başlanjakdygyny mälim etdi.

Şol karar bilen soňky sowalnamalar görä şärikdeş hökümeti gurmakda kynçylyk çekjekdigi çaklanylýan Netanýahu saýlawdan ozal, az hem bolsa arkaýynlaşdy.

Netanýahunyň aklawçylary geçiriljek möhletinden irki saýlawa “nähak täsir ýetirjekdigi” sebäpli Ysraýylyň Premýer-ministri hakyndaky kazyýet işinde şaýatlaryň diňlenmeginiň 23-nji martdan soňa süýşürilmegi üçin aýyň başynda kazyýete ýüz tutupdy.

Ysraýylyň Baş prokurory Awiçai Mandelblit 2019-njy ýylyň 21-nji noýabrynda Netanýahu üçin üç sany galplyk işi sebäpli jenaýat işiniň gozgalmagyny talap edipdi.

Netanýahunyň ilkinji kazyýet diňlenşigi 2020-nji ýylyň 24-nji maýynda, ikinji diňlenşigi bolsa 8-nji fewralda Iýerusalimiň sebitleýin kazyýetinde geçirilipdi.



Degişli Habarlar