Russiýa ÝB-niň Sanksiýa Kararyna Reaksiýa Bildirdi

ÝB-niň daşary işler ministrleri Nawalnyýnyň tussag edilmegi sebäpli Russiýa sanksiýa goýmak hakynda karar kabul edipdi

1588972
Russiýa ÝB-niň Sanksiýa Kararyna Reaksiýa Bildirdi

Russiýa ÝB-ne agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň rus oppozisioneri Alekseý Nawalanyýnyň tussag edilmegi sebäpli Russiýa sanksiýa goýmak hakynda karar kabul etmegine reaksiýa bildirdi.

Russiýanyň Daşary işler ministrligi mesele boýunça beýannama çap etdi.

Mİnistrlik kararyň “toslama” bahanalar bilen kabul edilendigini beýan etdi. Ýerliksiz kararyň ÝB bilen Russiýanyň gatnaşyklaryna zyýan ýetirjekdigi nygtalýar.

Sanksiýa kararynyň gaýtalanan ýalňyş başlangyçdygyny beýan eden Russiýa Nawalnyýnyň boşadylmagy üçin edilýän çagyryşlaryň “bikanun” we “ýerliksizdigini” nygtaýar.

Ministrligiň beýannamasynda: “Ol rus raýaty, ykdysdy jenaýatlar sebäpli ýurdumyzda rus kazyýeti tarapyndan günäli diýlip tapyldy” diýilýär.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň beýannamasynda şeýle diýilýär: “ÝB-niň daşary syýasatynda ultimatum, basyş we sanksiýa ýaly bikanun serişdeleriň ornaşmagy gynandyryjy. ÝB, global arenada ýekelikde hereket edýän blok pozisiýasyny eýelemäge synanşýar. Emma onuň hyzmatdaşlaryna sarpa goýmak, başga ýurtlaryň içeri işlerine goşulyşmazlyk kadasy we halkara hukuga sarpa goýmagyň çäginde iş ýüzüne geçirilmelidigini ýatdan çykardy.”



Degişli Habarlar