Kolumbiýada 2 Günde 11 Adam Öldi

Kolumbiýanyň Narino ştatynda jenaýatçy toparlaryň çaknyşygynda 2 günde 11 adam aradan çykdy

1588982
Kolumbiýada 2 Günde 11 Adam Öldi

Goranmak ministri Dieogo Molano çaknyşyklaryň “Kontadores” we “Oliwer Sinisterra” atly iki jenaýatçy toparyň gözegçilik giňişligini goramak islemegi sebäpli ýüze çykandygyny beýan etdi.

Raýatlardan jenaýatkärleriň tapylmagy üçin goldaw soran Molano, bikanun neşe söwdagärlerine we jenaýatçylara garşy göreşde özlerine maglumat berenlere ýokary mukdarda pul baýragynyň beriljeldigini aýtdy.

Molano 2021-nji ýylyň başyndan bäri geçiren netijeli operasiýalarynda jenaýatçy topara degişli 54 adamy ele salandyklaryny mälim etdi.

Ýylyň başyndan bäri ýurduň dürli etraplaryndaky ýaragly toparlaryň hüjümlerinde 50-den gowrak adam öldi. Çaknyşyklar esasan Antioguia, Kuka we Narino ştatlarynda başdan geçirilýär.



Degişli Habarlar