Fransiýada Gurluşygy Dowam Edýän Metjidiň Diwarlaryna Yslama Garşy Sözler Ýazyldy
Metjidiň diwaryna “Ýok bolsun Yslam, ýurduňyza gidiň” diýlip ýazyldy
1588721

Fransiýada gurluşygy dowam edýän Eýüp Soltan metjidiniň diwaryna Yslama garşy sözler ýazyldy.
Yslam jemgyýetiniň sosial mediadandan beren habarnamasynda, metjidiň diwaryna “Ýok bolsun Yslam, ýurduňyza gidiň” diýlip ýazylandygy nygtaldy.
Beýannamada “Bu waka, Fransiýanyň häzirki ýagdaýyny görkezýär” diýildi.
Eýüp Soltan metjidi gurluşyk işleriniň tamamlanmagyndan soň Ýewropanyň iň uly metjitlerinden biri bolar.
Metjit 15 gekdarlyk meýdanda Osman binagärligine görä gurulýar.
3 müň adamlyk metjitde konferensiýa zallary, mekdep, kitaphana, mugallymlar otagy we naharhana bolar.
Degişli Habarlar

ABŞ-nyň Prezidenti Baýden, Keniýanyň Prezidenti Kenýatta Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Baýden bilen Kenýatta ABŞ bilen Keniýanyň arasyndaky özara gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy