Türkiýe, Somalide Başdan Geçirilýän Wakalara Alada Bildirýär

Daşary işler ministrligi, Somalidäki saýlaw etaby hakynda beýannama berdi

1587940
Türkiýe, Somalide Başdan Geçirilýän Wakalara Alada Bildirýär

Türkiýe, Somalide saýlaw etaby melesindäki düşnüşmezlikler sebäpli başdan geçirilýän wakalara alada bildirýär.

Daşary işler ministrligi, Somalidäki saýlaw etaby hakynda beýannama berdi.

Beýannamada, “Somalide saýlaw etaby meselesindäki düşnüşmezlikler sebäpli soňky günlerde başdan geçirilýän wakalara alada bildirýäris” diýildi.

Beýannamada, ähli taraplara dartgynlygyň möwjemegine sebäp boljak hereketlerden gaça durmaklary we parasatly çemeleşmekleri üçin çagyryş berildi.

Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, “Federal hökümet bilen Ýerli hökümetleriň liderleriniň gatnaşmagynda 2020-njy ýylyň 17-nji sentýabrynda gazanylan ylalaşyga laýyklykda düşnüşmezlikleriň gepleşik arkaly çözülmegi diýseň möhüm” diýildi.

Beýannamada, Türkiýäniň dost we doganlyk ýurt somaliniň halkynyň öz geljegini kesgitlemek ygtyýaryna we syýasy kämillige eýedigine ynanýandygy nygtaldy.

Oppozisionerleriň prezdentlige dalaşgärleri, Prezident Muhammed Abdullah Fermajunyň 8-nji fewralda prezidentlik wezipesininiň möhlediniň dolýandygyna garamazdan wezipesini dowam etdirýändigi sebäpli 15-nji fewralda köçä çykmaklary üçin halka çagyryş beripdi.

Hökümetiň, oppozisia köpçülikleýin ýörişlere taýarlanýarka, täze görnüş koronawirusa ýoluganlaryň sanynyň köpelýändigi sebäpli 17-nji fewalda maslahatlaryň we çäreleriň geçirilmegini gadagan etmegi ýurtda dartgynlygyň möwjemegine sebäp bolypdy.

Düýn Somaliniň paýtagty Mogadişuda hökümet ýolbaşçylarynyň ulagyna guralan bombaly hüjümde 2 adam ýogalypdy, köp sanly adam hem ýaralanypdy.



Degişli Habarlar