Ermenistanda Paşinýanyň Wezipesinden Çekilmegi Islendi
Ýerewanda Premýer ministr Nikol Paşinýanyň wezipesinden çekilmegi üçin protest ýörişini geçirdi.
1587773

Ermenistanda müňlerçe adam paýtagt Ýerewanda Premýer ministr Nikol Paşinýanyň wezipesinden çekilmegi üçin protest ýörişini geçirdi.
Oppozision partiýalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirlen ýörişde, Daglyk Garabagda gözegçiligiň Azerbaýjana berlendigi sebäpli Paşinýanyň wezipesinden çekilmegi islendi.
Protestçylar 1-njy nobaýrda Russiýanyň tagallasy netijesinde gazanylan ylalaşyk bilen birlikde sebitde gözegçiligiň Azerbaýjana berilmegine garşy şygarlar aýtdy.
Ýurdunda ÝB-niň tarapyndan durýandygy sebäpli Russiýanyň garşylygyna sezewar bolýan Paşinýan 2018-nji ýylda häkimiýetiň başyna gelipdi.
Degişli Habarlar

Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonson Wezipesinden Çekildi
Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonson Wezipesinden Çekildi