ÝB Geňeşiniň başlygy Mişel, Eýranyň Prezidenti Ruhany Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Mişel bilen Ruhani telefon söhbetdeşliginde ýadro ylalaşygy hakynda pikir alyşdy

1586568
ÝB Geňeşiniň başlygy Mişel, Eýranyň Prezidenti Ruhany Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

 

ÝB Geňeşiniň başlygy Çarles Mişel, Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhany bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

ÝB Geňeşi tarapyndan berlen beýannama görä, Mişel bilen Ruhani telefon söhbetdeşliginde ýadro ylalaşygy hakynda pikir alyşdy.

ÝB-niň, ylalaşygyň doly ýerine ýetirilmegine uly ähmiýet berýändigini nygtan Mişel, Eýranyň jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmekden ýüz öwürmegine alada bildirýändigini aýtdy.

Mişel, Eýranyň Halkara Atom energiýasy gullugy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmeginiň möhümdigine ünsi çekdi.

ÝB Geňeşiniň başlygy Mişel, Eýran bilen halkara güýçleriň arasyndaky ýadro ylalaşygynyň dowam etdirilmegi üçin diplomatiýa taýdan amatly şertiň döredilmegiň ähmiýetlidigini belledi.

ÝB hökmünde ylalaşygyň doly ýerine ýetirilmegi we ABŞ-nyň ylalaşyga ýaňadandan goldw bermegi üçin tagalla etmäge dowam etjekdiklerini aýdan Mişel, halkara parahatçylygyň we ykdysady galkynyşyň köp taraply gepleşlikler arkaly ýola goýlup bilinjekdigini ýatlatdy.



Degişli Habarlar