“ABŞ, BSGG-na 200 Million Dollardan Gowrak Bergisini Üstümizdäki Aýyň Ahyryna Çenli Tölär”

Blinken, BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşinde geçirlen Kovid-19 epidemiýasy we sanjymlar meselesine guralan maslahata gatnaşdy

1585860
“ABŞ, BSGG-na 200 Million Dollardan Gowrak Bergisini Üstümizdäki Aýyň Ahyryna Çenli Tölär”

 

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasyna bolan 200 million dollardan gowrak bergisini üstümizdäki aýyň ahyryna çenli tölejekdiklerini aýtdy.

BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşinde geçirlen Kovid-19 epidemiýasy we sanjymlar meselesine garalan maslahatda çykyş eden Blinken, ABŞ-nyň Kowid-19 sanjymynyň öndürilmegi we paýlanmagy meselesinde halkara hyzmatdaşlary bilen birlikde işleşjekdigini aýtdy.

Epidemiýa garşy göreşde we saglygy goraýyş ulgamlarynyň has güýçli ýagdaýa getirilmeginde Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň ähmiýetine ünsi çeken Blinken, ABŞ-nyň, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň halkara sanjym meýilnamasy COVAX-a Kovid-19 sanjymlarynyň elýeterliligi meselesine goldaw bermek isleýändigini belledi.

Blinken “ABŞ, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasyna bolan 200 million dollardan gowrak bergisini üstümizdäki aýyň ahyryna çenli tölemegi meýilleşdirýär” diýdi.



Degişli Habarlar