Hasan Ruhani Milli Howpsuzlyk ministri Mahmud Alewä ýadro babatynda duýduryş berdi

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani, ýurdunyň ýadro ýarag öndürip biljekdigi barada beýanat beren ülkäniň Milli Howpsuzlyk ministri Mahmud Alewä duýduryş berdi

1585535
Hasan Ruhani Milli Howpsuzlyk ministri Mahmud Alewä ýadro babatynda duýduryş berdi

Eýranyň Prezident ofisiniň başlygy Mahmud Waizi, paýtagt Tähran şäherinde geçirilen MInistrler kabinetiniň mejlisinden soň metbugat işgärlerine beýanat berdi. Mahmud Waizi beren beýanatynda Milli Howpsuzlyk ministri Mahmud Alewiniň ýadro ýarag bilen bagly beýanatyny tankyt etdi. 

Eýranyň hökümetiniň ýadro ýarag bilen bagly pzosiýasynyň üýtgemändigini we ýurdyň dini lideri Ali Hamaneýiň beren pitiwasynyň hem güýjüni goraýandygyny aýdan Waizi: "Köpçülikleýin ýok ediş ýaraglary öndürmegiň tarapdary däldiris we ony kabul etmegi pikir etmeýäris. Eýranyň bu babatdaky pozisiýasy üýtgemedi" diýip habar berdi. 

Waizi, Ruhaniniň Eýranyň ýadro ýarag öndürip biljekdigi barada beýanat beren Mahmud Alewä duýduryş berendigini mälim etdi. 

Eýranyň Milli Howpsuzlyk ministri Mahmud Alewi, 8-nji fewralda döwlet telewideniýesine beren beýanatynda: "Ýadro işlerimizi parahatçylykly maksatlydyr we Ali Hamane hem pitiwasy bilen ýadro ýaragyň haramdygyny yglan etdi. Adaty şertlerde Eýranyň olar ýaly niýeti we programmasy bolmasada, Eýrany şol ugra tarap itekleseler ana şol wagt bu Eýranyň günäsi däl, ony şol ugra iteklänleriň günäsi bolar" diýip mälim edipdi. 



Degişli Habarlar