“Kakam Meni Zamunlykda Saklaýar”

Dubaýyň Emiri Ben Raşid Al Maktumyň gyzy Latifa ýurtdan gaçmaga synanşdy, emma tutulyp, ýurduna alynyp gidildi

1585280
“Kakam Meni Zamunlykda Saklaýar”

Şa gyzy Latifa Dubaýa alynyp gidilmezden ozal joralaryna wideo ýazgy ugradyp, başdan geçirenlerini gürrüň berdi.

Hammamda öýjükli telefon bilen alynan wideo ýazgyda şa gyzy Latifa kakasyny özüni zamunlykda saklaýanlykda günäkärleýär.

Şa gyzy: “Penjireleri we gapylary gulply willada zamunlykda saklanýaryn. Daşarda 5, içerde 2 polis bar we arassa howadan dem almak üçin daşary çykyp bilemok” diýdi.

 Şa gyzy haçan azat ediljekdigini bilmeýändigini we howpsyzlygyna alada bildirýändigini beýan etdi.

Şa gyzy Latifa zamun alynyşyny hem gürrüň berdi.

Gaçan gaýygyndan özüni almaga gelen esgerlere garşylyk görkezendigini, olary dependigini, hat-da komandoslardan biriniň elini dişländigini aýdýar.

Wideo ýazgylar Şa gyzynyň žoralary we adam hukuklary aklawçylaryndan biri tarapyndan iňlis ýaýlym organy “BBC-ä” berildi.

Şa gyzy Latifa bir fransuzyň kömek bermeginde 2018-nji ýylda Dubaýdan deňiz ýoly bilen gaçmaga synanşýarka Hindistanyn suw giňişliginde ele salynyp, yzyna alynyp gidilipdi.

Dünýä derejesinde ençeme adam hukuklary aktiwisti Şa gyzynyň islemeýändigine garamazdan ýurda alynyp gidilendigini, onuň “zamun almadygyny” öňe sürüp, “Latyfany azat ediň” kampaniýasyny başladypdy.



Degişli Habarlar