Terror Guramasy ÝPG/PKK, Bab Etrabyna Hüjüm Gurady

Hüjümde asuda ilatdan 1 adam ýogaldy, 1 adam hem ýaralandy

1584212
Terror Guramasy ÝPG/PKK, Bab Etrabyna Hüjüm Gurady

 

Siriýada, ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-nyň, Bab etrabynda guralan hüjüminde asuda ilatdan 1 adam ýogaldy, 1 adam hem ýaralandy.

ÝPG/PKK-a agza terrorçylar, Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda 2019-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda gazanylan ylalaşyga laýyklykda Manbiç etrabyndan çekilmelidi. Emma terrorçylar Manbiji terrorçylykly hüjümleri üçin merkez hökmünde ulanmaga dowam edýär.

Ekstremist terror guramasy basyp alyşlygy astyndaky Manbiçden, Türk ýaragly güýçleriniň guran “Ýefrat Galkany” operasiýasy zolagyndaky Bab etrabynyň gündogarynda ýerleşýän Um Adese we Sükkeriýýe obalaryna hüjüm gurady.

Hüjümde Um Adese obasynda ilkinji kesgitlemelere görä, asuda ilatdan 1 adam ýogaldy, 1 adam hem ýaralandy.

Ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-nyň 8-nji fewralda Bab etrap merkezine guran roketa hüjüminde hem 3-i çaga 9 adam ýaralanypdy.



Degişli Habarlar