Jo Baýden 19-njy fewralda wideo aragatnaşyk arkaly geçiriljek G7 Liderler maslahatyna gatnaşar

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, 19-njy fewralda anna güni göni wideo aragatnaşyk arkaly geçiriljek G7 liderler maslahatyna gatnaşar

1583728
Jo Baýden 19-njy fewralda wideo aragatnaşyk arkaly geçiriljek G7 Liderler maslahatyna gatnaşar

Ak Tam tarapyndan berilen beýanatda, geçen ýylyň aprel aýyndan bäri ilkinji gezek geçiriljek G7 Liderler maslahatynda, Jo Baýdeniň koronawirus epidemiýasyna garşy göreş we global ykdysadyýetiň ýaňadandan gurluşygy ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşjakdygy mälim edildi.

Jo Baýdeniň, Kowid-19 sanjymynyň önümçiligi, paýlanşygy, üpjünçiligi we ýüze çykan ýokanç keseller howpyna garşy saglygy goraýyş maliýesiniň döredilmegi ugrunda hyzmatdaşlyk etmäge gönükjekdigi bellenen beýanatda, Hytaýyň sebäp bolan ykdysady kynçylyklary we global klimat krizisini hem gün tertibe getirjekdigi aýan edildi. 



Degişli Habarlar