Hytaýa degişli gämiler Ýaponiýanyň suw giňişligine girdi

Hytaýa degişli 2 sany Kenarýaka howpsuzlyk gämisi Gündogar Hytaý deňizindäki jedelleşikli Senkaku adalarynyň töwereginde Ýaponiýanyň suw giňişligine girdi

1584364
Hytaýa degişli gämiler Ýaponiýanyň suw giňişligine girdi

Ýaponiýanyň günorta-günbataryndaky Okinawa welaýatynyň Naha etrabynda ýerleşýän 11-nji sebit Kenarýaka Howpsuzlyk gullugynyň ştabyna görä, Hytaýa degişli gämiler ýurdyň suw giňişligine girdi. 

Jedelleşikli Senkaku adalarynyň töwereginde ýerli wagt bilen sagat 04:15-de düzgün bozmadan soň Hytaýa degişli gämiler, Taişoo-Jima adasynyň töwereginde balyk tutýan ýapon balykçylaryň gaýyklaryna golaýlaşdylar. 

Ýapon balykçylaryna degişli gaýyklar, sebite gönükdirilen Ýaponiýanyň Kenarýaka howpsuzlyk gullugyna degişli gämiler tarapyndan gorag astyna alyndy. 

Hytaýa degişli gämilere sebiti terk etmekleri üçin duýduryş berildi. 

Ştabyň habar bermegine görä Hytaýa degişli gämiler Senkaku adasynyň töwereginde şu ýyl eýýäm 7-nji gezek Ýaponiýanyň suw giňişligine girdi.



Degişli Habarlar