“Brýussel ÖzaraGatnaşyklary Bilkastlaýyn Bozdy”

Lawrow, Finlandiýanyň Daşary işler ministri Pekka Haawisto bilen duşuşdy

1584073
“Brýussel ÖzaraGatnaşyklary Bilkastlaýyn Bozdy”

 

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, ýurdunyň ÝB-den çetleşmändigini nygtap “Brýussel özara gatnaşyklary bilkastlaýyn bozdy” diýdi.

Lawrow, Finlandiýanyň Daşary işler ministri Pekka Haawisto bilen Russiýanyň San Peterburg şäherinde duşuşdy.

Iki kärdeş özara duşuşykdan soň metbugata beýanat berdi.

Russiýa bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklaryň bozulandygyna ünsi çeken Lawrow “Brýussel özara gatnaşyklary bilkastlaýyn bozdy” diýdi.

ÝB bilen başdan geçirýän kynçylyklaryny çözmäge taýardyklaryny nygtan Lawrow, “Biz ÝB bilen edýän gatnaşyklarymyzy ösdürmäge taýar” diýip belledi.

Finlandiýanyň Daşary işler ministri Rekka Haawisto “ÝB bilen Russiýanyň arasyndaky kynçylyklaryň gepleşik arkaly çözülmegi diýseň möhüm” diýip belledi.



Degişli Habarlar