Indoneziýadaky ýer süýşgüninde 20 adam dereksiz ýitdi

Indoneziýanyň Gündogar Ýawa ştatyndaky Nganžuk sebitinde düýn agşam ýagan aşa köp ýagyşlar sebäpli bolan ýer süýşgünlerinde 20 adam dereksiz ýitdi, 14 adam ýaralandy

1583605
Indoneziýadaky ýer süýşgüninde 20 adam dereksiz ýitdi

Milli Apat dolanşygynyň Maglumat we aragatnaşyk merkeziniň başlygy Raditýa Žati beren beýanatynda, Nganžuk sebitiniň Ngetos obasynda bolan ýer süýşgüniniň 8 öýe zyýan ýetirendigini habar berdi.

Ýer süýşgününde 20 adamyň dereksiz ýitendigini, 14 adamyň bolsa ýaralanandygyny aýdan Žati, dereksiz ýiten adamlaryň gözleg we halas ediş işleri üçin halas ediş toparlarynyň işlerini dowam etdirýändigini mälim etdi. 

Beýleki tarapdan Žati, Gündogar Ýawa ştatyndaky Pasuruan sebitinde aşa ýagan ýagyşlar sebäpli emele gelen sil aatynyň 294 maşgala ýaramaz täsir ýetirendigini aýan etdi. 



Degişli Habarlar