Saud Arabystanyna we BAE-ne Ýarag Satuwynyň Gadagan Edilmegi Üçin Çagyryş Berildi

Ýewropa Parlamenti, Saud Arabystanyna we Birleşen Arap Emirliklerine Ýarag Satuwynyň Gadagan Edilmegi Üçin Çagyryş Berdi

1582085
Saud Arabystanyna we BAE-ne Ýarag Satuwynyň Gadagan Edilmegi Üçin Çagyryş Berildi

 

Ýewropa Parlamenti, ÝB-ne agza ýurtlaryň, Ýemendäki içerki uruşda halkara hukugyny we adam hukuklaryny bozandyklary sebäpli Saud Arabystany bilen Birleşen Arap Emirliklerine ýarag satmagynyň gadagan edilmegi üçin çagyryş berdi.

Ýewropa Parlamentinde kabul edilen “Ýemendäki gumanitar we syýasy ýagdaý” temaly bilelikdäki karar taslamasynda, Saud Arabystanynyň öňbaşçylygyndaky hyzmatdaşlaryna güýçlerine ýarag satuwynyň gadagan edilmegi üçin ozal hem çagyryş berlendigi ýatladyldy.

Taslamada Germaniýanyň Saud Arabystanyna, Italiýanyň hem Saud Arabystanyna we Birleşen Arap Emirliklerine ýarag satmagy gadagan edendigi ýatladyldy.

ÝB-ne agza ýurtlaryň käbiriniň hem ýarag gadagançylygyna goldaw berýändigi, käbiriniň bolsa ady agzalýan ýurtlara ýarag satmak bilen ÝB-gi Geňeşiniň tutumyna äsgermezçilik edendigi bellenildi.

Taslamada, ABŞ-nyň Saud Arabystanyna ýarag satuwynyň we Birleşen Arap Emirliklerine F-35 uçarlarynyň berilmegi hakyndaky karary wagtlaýyn saklandygy ýatladyldy we karara hoşallyk bildirildi. ÝB-niň şeýle hereket etmegi islendi.

Ýewropaly parlamanetarlar, ÝB-ne agza ýurtlaryň ýokarda ady agzalýan iki ýurda ýarag eksport etmeginiň Ýemendäki çaknyşygy çuňlaşdyrýandygyny nygtaýar.



Degişli Habarlar