Özbegistanda Kowid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 622 adama ýetdi

Ýurtda wirus ýokanlaryň sany bolsa 79 müň 303 adama ýetdi

1581724
Özbegistanda Kowid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 622 adama ýetdi

Dünýä derejesinde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 2 million 366 müň 980 adamdan, wirusa ýoluganlaryň sany 107 million 926 müň adamdan, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 79 million 975 müň adamdan geçdi. 

Hindistanda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 95 adam artyp, 155 müň 399 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 12 müň 201 adamlyk artyş bilen 10 million 871 müň adama ýetdi. 

Russiýada epidemiýa sebäpli adam ýitgisi soňky 1 günde 553 adamlyk artyş bilen, 78 müň 687 adama ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 15 müň 38 adamlyk artyş bilen, 4 million 27 müň adama ýetdi. 

Koronawirus sebäpli jemi 90 adamyň ýogalan, 13 müň 308 adamyň hasaba alynan Täjigistanda, soňky gezek 10-njy ýanwarda 3 adam wirusa ýolugypdy, ýurtda şol günden soň Kowid-19 wakasy hasaba alynmady. 

Gazagystanda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 2 müň 540 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 199 müň 93 adama ýetdi.

Kowid-19 epidemiýasy sebäpli 6 müň 557 adamyň ýogalan Ýaponiýada, derman öndüriji kärhana Pfizeriň koronawirus sanjymyndaky şpris (sanjymiňňe) meselesi sebäpli, meýilleşdirilen derejede adamlara sanjym edilip bilinmejekdigi mälim edildi. 

Özbegistanda Kowid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 622 adama, wirus ýokanlaryň sany bolsa 79 müň 303 adama ýetdi. Ýurdyň Prezidenti Şewket Mirziýoýew, 1 aýyň içinde ilkinji etapda Kowid-19-a garşy sanjym ediljek adamlaryň sanawynyň taýarlanmagyny isledi. 

Epidemiýa sebäpli 1791 adamyň ýogalan, 102 müň 221 adamyň hasaba alynan Keniýada, ýurdyň Saglygy goraýyş ministri Mutahi Kagwe koronawirusyň 3-nji tolkunynyň has öldüriji bolup biljekdigi barada duýduryş berdi. 



Degişli Habarlar