Hindistanda başdan geçirilen sil apatynda ýogalan adamlaryň sany artmaga dowam edýär

Sil apaty sebäpli 42 adamyň kyn ýagdaýda galan iki aýry tunelden şu wagta çenli 16 adam halas edildi

1580157
Hindistanda başdan geçirilen sil apatynda ýogalan adamlaryň sany artmaga dowam edýär

Hindistanda döwülen uly buz böleginiň derýa gaçyp, sil apatynyň döremegine sebäp bolmagy netijesinde ýogalan adamlaryň sany 26-a, dereksiz ýiten adamlaryň sany bolsa 165-e ýetdi. 

Uttarakhand ştatyndaky Çamoli sebitinde ýerleşýän Dhauliganga derýasyna dagdan uly buz böleginiň gaçmagy netijesinde sil apaty emele geldi. Sil apaty Dhauliganga derýasynyň boýnunda gurluşygy dowam edýän gidroelektrik desgasyna, Alaknand diýilen ýerdäki gidroelektrik desgasyna we golaýdaky köp sanda ýaşaýyş ýerine zyýan ýetirdi. 

Sil apaty sebäpli 42 adamyň kyn ýagdaýda galan iki aýry tunelden şu wagta çenli 16 adam halas edildi, galan 26 adamyň halas ediş işleri bolsa dowam edýär. 

Hindistanyň Içeri işler ministri Amit Şah, Milli Apata garşy göreş güýjüne degişli 4 aýry toparyň wakanyň bolan ýerinde gözleg we halas ediş işlerine gatnaşýandygyny, Täze Deliden bolsa goşmaça ýene-de toparlaryň gönükdirilendigini mälim etdi. 



Degişli Habarlar