Hindistanda dagdaky buz böleginiň gopmagy netijesinde sebitdäki suw howdany joşdy

2013-nji ýylda başdan geçirilen sil apatlarynda 6 müňe golaý adam ýogalypdy

1578934
Hindistanda dagdaky buz böleginiň gopmagy netijesinde sebitdäki suw howdany joşdy

Hindistanyň Uttarakhand welaýatynda Gimalaý daglarynda gopan buz bölegi, sebitdäki suw howdanynyň joşmagyna sebäp boldy. 

Derýanyň geçýän ýeriniň golaýyndaky obalarda köp sanda adam ýitgisiniň bolandygy mälim edildi. 

Welaýadyň resmisi Om Prakaş, ýogalan adamlaryň sanynyň dolulygyna entek anyklanmandygyny habar berdi. 

Ýurdyň demirgazygyndaky ençeme sebitde adatdan daşary ýagdaý yglan edildi. 

Uttarakhand welaýaty sil apaty we ýer süýşügleri sebäpli ozal hem ençeme gezek gün tertibe gelipdi. 2013-nji ýylda başdan geçirilen sil apatlarynda 6 müňe golaý adam ýogalypdy. 



Degişli Habarlar