ABŞ-nyň Döwlet sekretary Blinken rus kärdeşi Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

ABŞ Russiýany oppozision lider Alekseý Nawalnyýnyň tussag edilmegi sebäpli ýazgardy

1577920
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Blinken rus kärdeşi Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Waşington bilen Moskwanyň arasynda telefon diplomatiýasy dowam edýär. 

Geçen hepde iki ýurdyň liderleriniň telefon arkaly söhbetdeşliginden soň, bu gezek ABŞ bilen Russiýanyň Daşary işler ministrleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. 

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken we rus kärdeşi Sergeý Lawrowyň arasynda geçen ilkinji telefon arkaly söhbetdeşligiň gün tertibiniň ileri tutulýan ugry ýadro krizisiniň öňüne böwet boljak Täze START ylalaşygy boldy. 

ABŞ tarapy esasan hem Hytaýyň bu babatdaky howpynyň üstünde durup geçdi. 

Entoni Blinken, Russiýanyň Amerikan raýatlaryna we hyzmatdaşlaryna zyýan ýetirip biljek hereketlerine garşy tutanýerli pozisiýasyny dowam etdirjekdigini habar berdi. 

ABŞ tarapyndan berilen beýanatda: "Oppozision lider Nawalnyý we göz tussaglygyna alynan adamlar bilen baglanşykly aladalarymyzy rus tarapyna ýaňadandan ýetirdik" diýip mälim etdi. 

Russiýa tarapyndan berilen beýanatda bolsa Blinkene mesele bilen bagly jikme-jik maglumat berilendigi we Russiýanyň içerki işlerine we kanunlaryna hormat goýulmagynyň gerekdigi habar berildi. 

Iki ministriň mundan başgada Siriýanyň gelejegi, Liwiýa we Ukraina ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşandyklary aýan edildi. 



Degişli Habarlar