Ukraina Russiýa tarapyndan maliýeleşdirilen telewideniýe kanallaryny ýapdy

Ukraina Russiýa tarapyndan maliýeleşdirilýänligi sebäpli ýurtdaky 9 telewideniýe kanalynyň bes edilmegi barasynda karar kabul etdi

1576726
Ukraina Russiýa tarapyndan maliýeleşdirilen telewideniýe kanallaryny ýapdy

Ukrainanyň Preziden diwany tarapyndan berilen beýanatda, Milli Howpsuzlyk we goranyş komitediniň Ukrainanyň Parlamentiniň agzasy bolan Taras Kozaka we oňa degişli telewideniýe kanallaryna garşy embargo goýulmak barada kararyň tassyklanandygy mälim edildi. 

Embargolara laýyklykda Taras Kozaka degişli 9 telewideniýe kanallarynyň işleri 5 ýyllyk möhlet bilen bes ediler. 

Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý, mesele bilen bagly sosial media hasabyndan beren beýanatynda, ýurdunyň metbugat azatlygyny goldaýandygyny, emma Ukraina sözli ýagdaýda hüjüm edýän ýurt tarapyndan finans edilýän propogandany goldamaýandygyny mälim etdi. 

Wladimir Zelenskiýniň metbugat geňeşçisi Ýuliýa Mendel hem kanallaryň maliýesiniň Russiýa tarapyndan ýerine ýetirilýändigi anyklanandygyny we kanallaryň, Ukraina garşy söweşde bir enjam hökmünde ulanylandygyny habar berdi. 



Degişli Habarlar