Babda Guralan Terrorçylykly Hüjümde 1 Adam Ýogaldy

Partlama sebäpli golaýdaky ulaglara we dükanlara uly zeper ýetirildi

1576186
Babda Guralan Terrorçylykly Hüjümde 1 Adam Ýogaldy

Siriýanyň demirgazygynda ýerleşýän Bab etrabynda bomba goýlan ulagyň ýarylmagy sebäpli asuda ilatdan 1 adam ýogaldy, 4 adam ýaralandy.

Türk ýaragly güýçleriniň  2016-njy ýylyň awgust aýynda başladan we 2017-nji ýylyň mart aýyna çenli dowam eden “Ýefrat Galkany” operasiýasy netijesinde terrordan saplanan Bab etrabyndaky senagat zolagynda ulaga goýlan bomba ýaryldy.

Terrorçylykly hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä, asuda ilatdan 1 adam ýogaldy, 4 adam ýaralandy.

Partlama sebäpli golaýdaky ulaglara we dükanlara uly zeper ýetirildi.


Etiketkalar: #asuda ilat , #partlama , #etrap , #Bab

Degişli Habarlar