Ýaponiýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 5 müň 846 adama ýetdi

Ýaponiýada wirus ýokanlaryň sany bolsa 392 müň 475 adama ýetdi

1575623
Ýaponiýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 5 müň 846 adama ýetdi

Dünýä derejesinde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 2 million 248 müň adama, wirusa ýoluganlaryň sany 103 million 945 müň adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 75 million 763 müň adama ýetdi.

Hindistanda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 93 adamlyk artyş bilen bilen jemi 154 müň 521 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa şol wagt aralykda 8 müň 540 adamlyk artyş bilen 10 million 767 müň 159 adama ýetdi.

Epidemiýa sebäpli 5 müň 846 adamyň ýogalan, 392 müň 475 adamyň hasaba alynan Ýaponiýada, ýurdyň Premýer ministri Suga Ýoşihide: "Wirusa ýoluganlaryň sany azaldy, emma epidemiýa garşy göreşde ýene-de birnäçe wagt hüşgär bolmalydyrys" diýip belläp, ýurtdaky adatdan daşary ýagdaýyň möhlediniň 7-nji marta çenli uzadyljakdygyny mälim etdi.

Müsürde sanjym bolmak üçin ýüz tutan 30 müň lukmanyň 12 müňüniň sanjym işleri tamamlandy. Saglygy goraýyş edaralarynyň işgärlerine garşy sanjym etabynyň 21-nji ýanwarda başlan Müsürde, öňümizdäki hepdelerde bolsa 65 ýaşdan ýokary bolan adamlara sanjym işleriniň başladylmagyna garaşylýar. 

2 müň 93 adamyň koronawirus sebäpli ýogalan, 137 müňden gowrak adamyň hasaba alynan Efiopiýada, Saglygy goraýyş ministrligi, ýylyň ahyryna çenli ilatyň 20 göterimine Kowid-19 sanjymynyň ediljekdigi habar berildi. 



Degişli Habarlar