Russiýada Alekseý Nawalnyýnyň azat edilmegi üçin geçirilýän protestler dowam edýär

Russiýada tussaglykda bolan rus oppozisioner Alekseý Nawalnyýnyň azat edilmegi üçin geçirilýän protestlerde resmi bolmadyk görkezijlere görä azyndan 1 müň 643 adam göz tussaglygyna alyndy

1574542
Russiýada Alekseý Nawalnyýnyň azat edilmegi üçin geçirilýän protestler dowam edýär

Ýurdyň ençeme şäherinde geçirilýän protestlerde polisiýa gullugynyň işgärleriniň giň gerimli gören howpsuzlyk çärelerine garamazdan mekdep okuwçylary we uniwersitediň talyplary hem gatnaşýar. 

Russiýadaky adam hukuklary guramalarynyň berýän habaryna görä, demonstrasiýalarda Alekseý Nawalnyýnyň aýaly Ýuliýa Nawalnyý bilen birlikde 338-i paýtagt Moskwada bolmak bilen jemi 1643 adam göz tussaglygyna alyndy. 

Beýleki tarapdan bolsa Alekseý Nawalnyýnyň tussaglykda saklanýan Matrosskaýa Tişina tussaghanasynyň golaýynda bir ýere jemlenen demonstrantlar, hökümete garşy şygarlar aýtdylar. 



Degişli Habarlar