Zalmaý Halilzad Wezipesini Dowam Etdirer

2018-nji ýylda ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilligine bellenen Halilzad, Taliban bilen Amerikanyň arasynda gepleşikler geçirýär

1573068
Zalmaý Halilzad Wezipesini Dowam Etdirer

 

ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad, täze prezident Jo Baýden döwründe hem wezipesini dowam etdirer

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygyna bellenen Antony Blinken, metbugata beren beýannamasynda, Halilzadyň wezipesini dowam etdirmegini isleýändiklerini aýtdy.

Blinken, Halilzadyň Owganystanda parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin uly tagalla edýändigini belledi.

Blinken, ABŞ bilen Talibanyň arasynda 2020-njy ýylyň fewral aýynda baglaşylan parahatçylyk şertnamasyny gözden geçirjekdiklerini nygtady.

ABŞ-nyň ozalky prezidenti Donald Tramp döwründe 2018-nji ýylda ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilligine bellenen Halilzad, Taliban bilen Amerikanyň arasynda gepleşikler geçirýär.



Degişli Habarlar