Eýran, Türkiýe Bilen Edýän Gatnaşyklaryna Uly Ähmiýet Berýär

Eýranyň Daşary işler ministri Muhammed Jawad Zari resmi sapar bilen Türkiýä geldi

1573293
Eýran, Türkiýe Bilen Edýän Gatnaşyklaryna Uly Ähmiýet Berýär

 

Eýranyň Daşary işler ministri Muhammed Jawad Zarif, Türkiýe bilen ýurdunyň arasyndaky gatnaşyklaryň we sebitara meseleleriň çözülmegi üçin edýän hyzmatdaşlygynyň diýseň möhümdigini belledi.

Resmi sapar bilen Türkiýä gelen Eýranyň Daşary işler ministri Zarif, saparynyň çäginde geçirjek duşuşyklaryndan öň Eýranyň döwlet telewideniýesine beýannama berdi.

Türkiýe bilen edilýän gatnaşyklara uly ähmiýet berýändiklerini aýdan Zarif, “Özara gatnaşyklaryň çäginde ýygy-ýygyndan gepleşikler geçirýäris. Sebäbi Türkiýe bilen edýän gatnaşyklarymyz we sebitara meseleleriň çözülmegi üçin edýän hyzmatdaşlygymyz diýseň möhüm”diýdi.

Türkiýede üstaşyr geçiş we Kawkazda yzygiderli parahatçylygyň üpjün edilmegi bilen birlikde özara we sebitara meseleler hakynda pikir alyşjakdygyny aýdan Zarif, “Kawkazda parahatçylygyň üpjün edilmegi üçin amatly şertiň döredilmegi möhüm” diýip belledi.



Degişli Habarlar