Russiýa Oppozisionerleriň Saklanmagynyň Kanunlara Laýykdygyny Beýan Etdi

Bu barasynda Dmitriý Peskow metbugata beren beýannamasynda aýtdy

1572994
Russiýa Oppozisionerleriň Saklanmagynyň Kanunlara Laýykdygyny Beýan Etdi

Russiýa tussag edilen Alekseý Nawalnyýnyň boşladylmagy üçin geçen hepde ýurtda geçirilen protest aksiýalaryndan soň käbir oppozisionerleriň saklanmagynyň “kanunlara laýykdygyny” beýan etdi.

Russiýanyň Prezidentiniň metbugat Sekretary Dmitriý Peskow tussaglykdaky oppozisioner Alekseý Nawalnyýnyň boşadylmagy üçin 23-nji ýanwarda geçirilen aksiýalardan son käbir oppozisionerleriň saklanmagy hakynda žurnalistlere beýannama berdi.

Russiýada geçirilen protest aksiýalaryndan ozal duýduryş berendiklerine ünsi çeken Peskow, käbir oppozisionerleriň saklanmagynyň “kanunlara laýykdygyny” beýan etdi.

Güýç ulany edaralaryň öz wezipesini ýerine ýetirendigini nygtan Peskow: “Russiýanyň kanunlar ençeme gezek bozuldy. Güýç ulanyjy edaralar degişli işleri alyp barýar. Bärde Kremliň näme pikir edýändigi däl, polisiň hukugyň we düzgünleriň berjaý edilmegi üçin görýän çäreleri” diýdi.

Rus polis gullugy tussaglykdaky Nawalnyýnyň paýtagt Moskwadaky departamentlerinde we döreden Galplyga garşy göreş gaznasynyň ofisinde” saglyk we epidemologik düzgünleriň berjaý edilmändigi” sebäpli barlag geçiripdi.

Nawalnyýnyň dogany Oleg Nawalnyý, aklawçysy Lubol Sobol we şahsy lukmany, Lukmanlar bileleşigi kärdeşler arkalaşygynyň ýolbaşçysy Anastasiýa Walilýewanyň polis tarapyndan saklanandygy habar berilipdi.

 



Degişli Habarlar