Parahatçylyk Çeşmesi sebitinde guralan terrorçylykly hüjümde 3 adam ýogaldy

Wakanyň bolan ýerinde derňew işini geçiren howpsuzlyk güýçleri, bombaly hüjümiň terror guramasy ÝPG/PKK tarapyndan guralandygyny pikir edýärler

1571246
Parahatçylyk Çeşmesi sebitinde guralan terrorçylykly hüjümde 3 adam ýogaldy

Siriýanyň demirgazygynda oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky Tel-Abýad etrabynda motosikle ýerleşdirilen bombanyň partlamagy netijesinde asuda ilatdan 3 adam ýogaldy, 2 adam ýaralandy. 

Saglyk ýagdaýy agyr bolan adam Türkiýä ugradyldy. 

Wakanyň bolan ýerinde derňew işini geçiren howpsuzlyk güýçleri, bombaly hüjümiň terror guramasy ÝPG/PKK tarapyndan guralandygyny çak edýärler. 

Siriýanyň demirgazygyndaky Tel-Abýad etrap merkezi, 2019-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Parahatçylyk çeşmesi operasiýasy bilen terrorçylardan saplanypdy. 

Terror guramasy ÝPG/PKK, basyp alyşlygyny dowam etdirýän Aýn Isa we Tel Temyr sebitlerinden Parahatçylyk çeşmesi sebiti bilen Rasulaýn we Tel-Abýad sebitlerini ýygy-ýygydan nyşana alyp terrorçylykly hüjümler guraýar. 



Degişli Habarlar