Guterreş Koronawirus Boýunça Möhüm Duýduryş Berdi

“Wirusy has ýokanç we howply görnüşe getirip, bar bolan sanjymlary netijesizleşip biljek mutasiýa howpy bar”

1571210
Guterreş Koronawirus Boýunça Möhüm Duýduryş Berdi

 

BMG-niň baş Sekretary Antoniu Guterreş täze görnüş koronawirus sanjymy ösüş barýan ýurtlarda elýeterli bolman halatynda wirusyň mutasiýa sezewar bolup, has ýokanç hem-de ölüm howply bolup biljekdigini, bar bolan sanjymlaryň hem peýdasyz bolma ähtimallygynyň bardygyny duýdurdy.

Bütindünýä ykdysadyýet forumynyň “2021 Dawosyň Güntertibi” temaly maslahata wideoargatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşan BMG-niň baş Sekretary Antoniu Guterreş global ykdysadyýetiň kadalaşmagynyň ýeke-täk ýolunyň koronawirus sanjymynyň dünýäniň ähli ýerine gysga möhletde ýetirilmegi bilen mümkin boljakdgyny aýtdy.

“Ösen ýurtlar öz raýatlaryny sanjymlap, ösüp barýan ýurtlary ünsden düşürip, howpsyz boljakdyklaryny pikir edýän bolsalar, ýalňyşýarlar” diýen Guterreş: “Wirusy has ýokanç we howply görnüşe getirip, bar bolan sanjymlary netijesizleşip biljek mutasiýa howpy bar” diýdi.

Sanjym üpjünçiliginiň we onuň paýlanmagynyň deň däldigine ünsi çeken Guterreş, Kovid-19 sanjymyny öndürliş mukdarynyň bütin dünýäde artdyrylmalydygyny nygtady.



Degişli Habarlar