Boris Jonson, Jo Baýden Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Boris Jonson, Jo Baýdeni wezipesine başlamagy bilen gutlady

Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonson, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Britaniýa tarapyndan berlen beýannama görä, Boris Jonson telefon söhbetdeşliginde Jo Baýdeni wezipesine başlamagy bilen gutlady we täze döwürde iki ýurduň arasyndaky ýakyn hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak isleändigini belledi.
Boris Jonson, Baýdeniň klimat çalşygy meselesinde Pariž şertnamasyna ýaňadan goşulmak baradaky kararyndan hoşaldygyny nygtady.
Iki lider, täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli dünýäniň başdan geçirýän kynçylyklary hakynda hem pikir alyşdy.
Liderler mundan başgada iki ýurduň arasynda baglaşylyp bilinjek erkin söwda şertnamasynyň peýdalary hakynda pikir alyşdy we şertlere görä duşuşmak barada ylalaşdylar.
Degişli Habarlar
Ysraýylyň Premýer Ministri Netanýahu, Eýrany Günäkärledi
Netanýahu, delilnamasyz “Bu hüjüm Eýran tarapyndan guraldy” diýdi

BAE-niň Ilkinji Ilçisi Tel-Awiwe Gitdi
Birleşen Arap Emirlikleriniň Ysraýyldaky ilkinji ilçisi Muhammed Mahmud Al Haja Tel-Awiwe bardy