Pfizer we BioNTech BSGG Bilen Ylalaşdy

Pfizer we BiNTejh Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň yzagalak ýurtlara sanjym berilmegi üçin döreden COVAX mehanizmine Kowid-19 sanjymyny bermek hakyndaky ylalaşyga gol goýdy

1569057
Pfizer we BioNTech BSGG Bilen Ylalaşdy

“Ýewronýusyň” habar bermegine görä ýakyn çeşmelerden birine esaslandyrýan habarda ylalaşyga laýyklykda COVAX-yň näçe töleg tölejekdiginiň we näçe doza beriljekdiginiň henizem belli däldigi, emma mukdaryň az boljakdygy nygtalýar.

Çeşmelerden biri “Pfizer/BioNTech” sanjymynyň ilkinji nobatda şol ýurtlardaky saglygy goraýyş işgärlerine beriljekdigini beýan etdi.

“Pfizer/BioNTech” sanjymy sowuk howa şertlerinde saklanmagy talap edýandigi üçin getirilmegi üçin ýörite ulaglardan peýdalanylmaly we esasanda ýyly klimatly ýurtlar üçin onuň ýeňil bolmajakdygy çaklanylýar.

BSGG-nyň baýry geňeşçilerinden Brus Aýlward hepdänin başynda “Pfizer” bilen geçirilen gepleşikleriň netijelidigini beýan edipdi, emma guramalar ylalaşygyň gazanylyp gazanylmandygy hakyndaky soraglara jogap bermändi.

COVAX maksatnamasyna laýyklykda yzagalak ýurtlara ilkinji sanjymlar fewral aýynda ugradylmaga başlanar.

COVAX düýnki çaklamalara görä şu ýyl 1,8 milliard doza sanjymy az girdejili 92 ýurda bermegi meýilleşdirýär.

Şol mukdar degişli ýurtlaryň ilatynyň 27 göterimine deň gelýär.



Degişli Habarlar