ABŞ, Russiýa bilen New START Şertnamasynyň Möhlediniň Uzadylmagyny Isleýär

“New START Russiýanyň ýadro güýjüni çäklendirýän ýeke-täk şertnama”

1569237
ABŞ, Russiýa bilen New START Şertnamasynyň Möhlediniň Uzadylmagyny Isleýär

 

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň, Russiýa bilen möhledi fewral aýynda dolýan “Täze strategik ýaraglaryň azaldylmagy şertnamasynyň ( New START) möhlediniň ýene-de 5 ýyl uzadylmagyny teklip etjekdigi nygtalýar.

Ak Tamyň metbugat geňeşçisi Psaki, metbugata beren beýannamasynda, Prezident Baýdeniň New START-yň möhledinin ýene-de 5 ýyl uzadylmagyny isleýändigini belledi.

Prezident Baýdeniň, şertnamanyň ABŞ-nyň milli howpsyzlyk boýunça bähbitlerine bap gelýändigi barada pikir edýändigini aýdan Psaki “New START Russiýanyň ýadro güýjüni çäklendirýän ýeke-täk şertnama” diýdi.


Etiketkalar: #Russiýa , #şertnama , #ABŞ

Degişli Habarlar