Peskow Alekseý Nawalna goldaw maksatly geçirilmegi meýilleşdirilen protestler barada beýanat berdi

Nawalnyý, 23-nji ýanwarda ähli adamlary köçelerde protest geçirmek barada çagyryş beripdi

1569324
Peskow Alekseý Nawalna goldaw maksatly geçirilmegi meýilleşdirilen protestler barada beýanat berdi

Russiýanyň hökümetiniň Metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, ýurtda tussaglykda bolan rus oppozisioner Alekseý Nawalna goldaw maksatly ertir geçirilmegi meýilleşdirilen protestleriň bikanundygyny we kabul edilmejekdigini habar berdi. 

Peskow, Germaniýadan Russiýa gaýdyp geleninden soň tussag edilen Nawalnyýnyň azat edilmegi üçin geçirilmegi meýilleşdirilen protestler barada metbugat işgärlerine beýanat berdi. 

Geçirilmegi meýilleşdirilen protestleriň rugsatsyzydygyny aýdan Peskow: "Bu ýerde bir pozisiýa eýediris. Ol hem kanunlara gulak asylmagy we bikanun aksiýalaryň gurnalmagynyň, esasan hem çagalaryň we ýaşlaryň demonstrasiýa gatnaşmagy baradaky öjükdiriji beýanatlaryň kabul edilmejekdigi bilen baglanşyklydyr" diýip habar berdi.

Bu babatda raýatlaryň Russiýanyň Içeri işler we Bilim ministrlikleri tarapyndan duýduryş berilendigini aýdan Peskow, Roskomnadzor edarasynyň sosial media saýtlaryndan ýaşlary rugsatsyz protestlere gatnaşmaga höweslendirýän ýaýlymlaryň bes edilmegini talap edendigini ýatlatdy. 

Beýleki tarapdan Russiýada iş alyp barýan  YouTube, TikTok we Instagram ýaly sosial media saýtlary, ýaşlary rugsatsyz protestlere gatnaşmaga höweslendirýän materiallary pozmaga başlady. 

17-nji ýanwarda göz tussaglygyna alynan we 15-nji fewrala çenli tussaglykda saklanmagy barada karar çykarylan Nawalnyý, 23-nji ýanwarda ähli adamlary köçelerde protest geçirmek barada çagyryş beripdi. 



Degişli Habarlar