Hytaý ABŞ-ly 28 resmini sanksiýa sanawyna aldy

Hytaý ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp zamanynda aralarynda Döwlet sekretary wezipesinde işlän Maýk Pompeonyň hem bolan ABŞ-ly jemi 28 resmini sanksiýa sanawyna aldy

1568282
Hytaý ABŞ-ly 28 resmini sanksiýa sanawyna aldy

Hytaýyň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda, ABŞ-da Hytaýa garşy bolan käbir syýasatçylaryň ýurdyň içerki işlerine goşulandygy bellenip: "Geçen birnäçe ýylda, ABŞ-daky Hytaýa bolan käbir syýasatçylar, Hytaýa garşy egoist syýasy bähbitleri, ters pikirleri, ýigrençleri sebäpli iki ýurdyň hukuklarynyň bähbitlerine ünsden düşürip, Hytaýyň içerki işlerine berk ýagdaýda goşulan, bähbitlerini paltalan, Hytaýyň halkynyň gaharyny getiren we iki ýurdyň gatnaşyklaryna uly zyýan ýetiren ençeme meýilnamany ýola goýdylar, goldadylar we durmuşa geçirdiler" diýip habar berildi. 

Hytaýyň özygtyýarlygynyň düzgünlerini bozmak bilen günäkärlenýän ABŞ-ly 28 resminiň sanksiýa sanawyna alynandygy bellenen beýanatda, sanawdaky adamlar bilen maşgalalarynyň Hytaýa, Gonkong we Makao ýörite dolandyryş sebitlerine girmekleri we şol adamlar bilen arabaglanşykly bolan kärhanalaryň Hytaý bilen hyzmatdaşlyk etmeginiň gadagan edilendigi mälim edildi. 

Mundan başgada beýanatda Hytaýyň hökümetiniň ýurdyň milli özygtyýarlylygyny, howpsuzlygyny we galkynyş bilen bagly göçümlerini goramakda tutanýerlidigi bellenilip geçildi. 

Maýk Pompeo 15-nji ýanwarda beren ýazmaça beýanatynda, Gonkongda 6-njy ýanwarda 53 oppozisioneriň göz tussaglygyna alynmagyny tankyt edipdi we sebitde milli howpsuzlyk kanunynyň durmuşa geçirilmeginden jogapkär merkezi we ýerli hökümetden 6 adamy sanksiýa sanawyna almak barada karar kabul edilendigini aýan edipdi. 


Etiketkalar: #sanksiýa , #ABŞ , #Hytaý

Degişli Habarlar