Dünýäde Kowid-19-a ýoluganlaryň sany 98 million 109 müň adama ýetdi

Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany 70 million 517 müň adama ýetdi

1568911
Dünýäde Kowid-19-a ýoluganlaryň sany 98 million 109 müň adama ýetdi

Dünýä derejesinde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 2 million 100 müň 800 adama, wirusa ýoluganlaryň sany 98 million 109 müň adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 70 million 517 müň adama ýetdi. 

Hindistanda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 153 müň 67 adama, wirus ýokanlaryň sany bolsa 10 million 626 müň 200 adama ýetdi. 

Hytaýyň Şanhaý şäherinde 2 aýry hassahana, koronawirus epidemiýasy sebäpli karantin astyna alyndy, kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkeziniň işgärleri ol ýerde derňew we barlag işlerini geçirdiler. Hytaýda koronawirus sebäpli soňky 24 sagatda adam ýitgisi çekilmedi, ýene-de 103 adam bolsa hasaba alyndy. 

Ýaponiýada Ministrler kabinetiniň mejlisi, hassahanada Kowid-19 bejergisini ret eden we iş möhletlerini azaltmak islemeýän adamlara we guramdyr edaralara pul jerimesini salmak ýa-da azatlykdan mahrum etmek bilen bagly kanun taslamasyny kabul etdi. 

Müsürdäki Pitiwa guramasy soňky günlerde artan waka sebäpli edilmäge başlanan Kowid-19 sanjymlaryny etdirmeginiň wajypdygy barada pitiwa çykardy. Müsürde sanjym etaby düýn saglygy goraýyş edalarynyň işgärleri üçin başlapdy. 

Afrika materiginde koronawirus sebäpli ýogalýan adamlaryň derejesi, global derejedäki ortaça görkezijilerden ýokary çykdy. Materikde koronawirus sebäpli 81 müňden gowrak adam ýogaldy, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 3 milion 352 müň adama ýetdi. 

Kowid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany Russiýada 67 müň 837 adama, Eýranda 57 müň 57 adama, Günorta Afrikada 39 müň 501 adama, Indoneziýada 27 müň 203 adama ýetdi. 



Degişli Habarlar