ABŞ-da Koronawirusa Ýoluganlaryň Sany 25 million 196 Müň Adama Yetdi

Dünýäde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 2 million 102 müň 580 adamdan geçdi

1569245
ABŞ-da Koronawirusa Ýoluganlaryň Sany 25 million 196 Müň Adama Yetdi

 

Dünýäde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 2 million 102 müň 580, wirusa ýoluganlaryň sany 98 million 180 müň, sagalanlaryň sany 70 million 584 müň adamdan geçdi.

ABŞ-da epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 420 müň 285, wirusa ýoluganlaryň sany 25 million 196 müň adama ýetdi. Prezident Jo Baýdeniň Saglygy goraýyş boýunça kömekçisi Fausi “Amerikalylaryň 70-85 göterimine tomus aýlarynyň ahyryna çenli sanjym edilen halatynda, güýz aýlarynda ýuwaş-ýuwaşdan adaty durmuşa geçip bileris” diýdi.

Italiýada epidemiýa sebäpli 84 müň 202 adam ýogaldy, 2 million 428 müň 221 adam hem hasaba alyndy.

Ispaniýada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 404 adam artyp 55 müň 41, wirusa ýoluganlaryň sany 44 müň 357 adam artyp 2 million 456 müň 675 adama ýetdi. Ýurtda 27-nji dekabrda başlan sanjym tapgyrynyň çäginde häzire çenli 1 million 200 müň adama sanjym edildi.

Portugaliýada wirus sebäpli 9 müň 686 adam ýogaldy, 595 müň 149 adam hem hasaba alyndy. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sanynyň artýandygy sebäpli başlangyç klas mekdeplerinden daşary ähli mekdepler 25-nji ýanwardan başlap 2 hepde möhlet bilen ýapylar. Söwda merkezleriniň we naharhanalaryň iş sagatlary hem çäklendirildi.

Polşada Kovid-19 sebäpli 34 müň 561 adam ýogaldy, 1 million 457 müň 755 adam hem hasaba alyndy. Ýurtda koronawirusyň has çalt ýokaşýan görnüşine gabat gelindi.

Koronawirus sebäpli:

Braziliýada 214 müň 288

Meksikada 146 müň 174

Britaniýada 94 müň 580

Fransiýada 71 müň 998

Germaniýada 51 müň 151

Kolumbiýada 50 müň 187

Argentinada 46 müň 355

Peruda 39 müň 274

Ukrainada 21 müň 622

Belgiýada 20 müň 572

Kanadada 18 müň 622

Çilide 17 müň 702

Ruminiýada 17 müň 628

Çeh Respublikasynda 15 müň 150 adam ýogaldy.



Degişli Habarlar