Tramp Ak Tamdan Gaýtdy

ABŞ-nyň Prezidentligini Jo Baýdene tabşyrjak Donald Tramp Ak Tamdan gaýtdy

1567731
Tramp Ak Tamdan Gaýtdy

Tramp, maşgala agzalary we ýanyndaky topar bilen Merilanddaky Andrews howa bazasyndan prezidentiň uçary bilen Florida gider.

Tramp uçazdan ozal beren beýannamasynda: Prezidentiňiz bolmak meniň üçin diýsen buýsandyryjydy, sizin üçin elmydama göreşerin” diýdi.

“Täze hökümete üstünlik we şowlulyk arzuw edýärin. Başarjaň boljaklaryna ynanýaryn” diýen Tramp: “Biz yza başgaça dolanarys” diýdi.

Tramp, Jo Baýdeniň kasam ediş dabarasyna gatnaşman, ABŞ-daky däplerden ýene-de birini berjaý etmeýär.

Jo Baýden ýerli wagt boýunça sagat 12:00-da paýtagt Waşingtonda görülen ýokary howpsyzlyk çärelerine laýyklykda kasam eder.



Degişli Habarlar