Hindistanda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 162 adam artdy

Hindistanda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 152 müň 718 adama ýetdi

1567301
Hindistanda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 162 adam artdy

Dünýäde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 2 million 65 müň 815 adama, wirus ýokanlaryň sany 96 million 633 müň adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 69 million 304 müň adama ýetdi. 

Hindistanda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 162 adam artyp, 152 müň 718 adama ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 13 müň 823 adamlyk artyş bilen jemi 10 million 595 müň 660 adama ýetdi. Premýer ministr Narendra Modi ýurdunyň şu gün Butan, Maldiw adalary, Bangladeş, Nepal, Mýanma we Seýşel adalary ýaly ýurtlara Kowid-19 sanjymlaryny ugratmaga başlajakdygyny mälim etdi. Ýurtda 16-njy ýanwarda başlan Kowid-19 sanjym kampaniýasynyň çäginde şu günki güne çenli 454 müň 49 adama sanjym edildi. Sanjym etdiren her 10 müň adamyň 18-de sanjymyň ýaramaz täsiri hasaba alynyp, her 100 müň adamyň 2-si sanjymyň ýaramaz täsiri sebäpli hassahana ýatmaga mejbur galýar. 

Hytaýda koronawirus sebäpli şu günki güne çenli 4 müň 635 adam ýogaldy, 88 müň 557 adam bolsa wirusa ýolukdy. 

Günorta Koreýanyň Kesele gözegçilik we öňüni alyş merkezinden berilen beýanata görä, soňky 24 sagatda ýene-de 17 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany jemi 1 müň 300 adama ýetdi. Günorta Koreýada wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 404 adam artyp, jemi 73 müň 518 adama ýetdi. Paýtagt Seul şäherinde we onuň töweregindäki sebitde berk öňüni alyş çäreleriň möhledi 31-nji ýanwara çenli uzadyldy. 

Ýaponiýada Kowid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 104 adamlyk artyş bilen 4 müň 700 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 5 müň 320 adamlyk artyş bilen 341 müň 493 adama ýetdi. 

Epidemiýa sebäpli 4 müň 142 adamyň ýogalan Ysraýylda hasaba alynanlaryň sany 570 müň 85 adama ýetdi. Ýurtda daşary ýurtlardan gaýdyp gelen adamlaryň iň köp 72 sagat ozal geçirilen we otrisateldigini subut edýän testleriň görkezilmegi talap edilmäge başlandy. Ertir möhledi dolmaly bolan Kowid-19 karantin düzgüniniň ýene-de 10 gün uzadylmagy barada karara gelindi. 

Dünýäniň beýleki käbir ýurtlaryndaky Kowid-19 epidemiýasy sebäpli adam ýitgileri: Russiýa 66 müň 623 adam, Eýran 56 müň 973 adam, Günorta Afrika 38 müň 288 adam, Indoneziýa 26 müň 590 adam, Yrak 12 müň 962 adam we Pakistan 11 müň 103 adam. 



Degişli Habarlar