Owganystanda Etrap Häkimi Ýaragly Hüjümde Ýogaldy
Waşir etrabynyň häkimi Muhammed Zahir Hakýar ýaragly hüjüme sezewar boldy.
1566521

Owganystanyň günortasynda ýerleşýän Helmand welaýatynyň Waşir etrabynyň häkimi Muhammed Zahir Hakýar ýaragly hüjüme sezewar boldy.
Mesele hakynda berlen beýannamada, Hakýaryň, Helmandyň Laşkergah şäherinde şahsyýeti näbelli adamlaryň ýaragly hüjümine sezewar bolandygy nygtaldy.
Beýannamada hüjümde Muhammed Zahir Hakýaryň ýogalandygy, hüjümçileriň tussag edilmegi üçin işe girişilendigi bellenildi.
Şaýatlar hüjümde etrap häkimi bilen birlikde ýene-de 2 adamyň ýogalandygyny öňe sürýär.
Hüjümiň jogapkärçiligini heniz öz üstüne alan bolmady.
Degişli Habarlar

Halkara Aýal-Gyzlar Ýörişi Geçirildi
Gaza sektorynda ýaşaýan zenanlar, 8-nji mart halkara aýal-gyzlar günü mynasibetli ýöriş geçirdi.