Birleşen Arap Emirlikleri, Ysraýyl Bilen Baglaşylan Wiza Erkinligi Şertnamasyny Saklady

Birleşen Arap Emirlikleriniň täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli şeýle karar kabul edendigi nygtaldy

1566133
Birleşen Arap Emirlikleri, Ysraýyl Bilen Baglaşylan Wiza Erkinligi Şertnamasyny Saklady

 

Birleşen Arap Emirlikleri, Ysraýyl bilen baglaşylan wiza erkinligi şertnamasyny 1-nji iýula çenli saklady

Ysraýylyň Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, Birleşen Arap Emirlikleriniň täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli şeýle karar kabul edendigi nygtaldy.

Beýannamada, 1-nji iýula çenli Birleşen Arap Emirliklerine gitmegi meýilleşdirýän ysraýyllylaryň wiza almaklary üçin duýduryş berildi.

Birleşen Arap Emirliklerine baran köp sanly ysraýyllyda koronawirusa gabat gelinendigi habar berlipdi.

Birleşen Arap Emirlikleri, Ysraýyl bilen baglaşylan wizasyz syýahat şertnamasyny 13-nji ýanwarda tassyklapdy.

Şertnama laýyklykda 13-nji fewraldan başlan ysraýyllylaryň Birleşen Arap Emirliklerine wizasyz syýahat etmegi meýilleşdirilýärdi.



Degişli Habarlar