Nawalnyý Moskwanyň Howa Menzilinde Saklandy

Nawalnyý kazyýetiň berjek kararyna garaşmaly bolar

1565651
Nawalnyý Moskwanyň Howa Menzilinde Saklandy

Rus oppozisioneri Alekseý Nawalnyý zäherlenendigi sebäpli Germaniýada alan bejergisinden soň ýurdunyň paýtagty Moskwanyň howa menzilinde saklandy.

Alekseý Nawalnyýny Berlinden alyp baran uçar ýaramaz howa şertleri sebäpli soňky pursatda Moskwanyň Wnukowo howa menziline däl, eýsem Şeremetýewo howa menziline gondy. Nawalnyý, aýaly Ýuliýa Nawalnyý we ýanyndaky žurnalistler bilen howa menzilinde pasport gözegçiligine bardylar.

Nawalnyý şol ýerdäki polisler tarapyndan saklandy. Aklawçysy Olga Mihailowanyň Nawalnyýnyň ýanynda bolmagyna rugsa berilmedi.

Russiýanyň Federatiw tussaghana gullugyndan berilen beýannamada 2020-nji ýylyň 29-njy dekabryndan bäri gözegçilikli erkinlik möhletiniň düzgünlerini birnäçe gezek bozandygy sebäpli gözlenýän Alekseý Nawalnyýnyň Şeremetýewo howa menzilinde saklanandygy mälim edilýär.

Nawalnyý üçin görüljek goşmaça çäre karar kazyýet tarapyndan beriler. Rus oppozisioner karar çykýança tussaglykda saklanar.

ÝB Geňeşiniň Başlygy Çarles Mişel Nawalnyýnyň saklanmagynyň “kabul edilmesizdigini” beýan etdi.

Mişel sosial media hasabyndan beren habarnamasynda: “Rus dolanşygyny Nawalnyýny gyssagly boşatmaga çagyrýaryn” diýip ýazdy.

ÝB-niň Daşary gatnaşyklar we howpsyzlyk syýasatlary boýunça ýokary Wekili Jezep Borrel hem sosial media hasabyndan şol çagyryşy gaýtalap, Nawalnyýnyň hukuklaryna sarpa goýulmalydygyny beýan etdi.

Borrel habarnamasynda: “Kazyýetiň syýasylaşmagy kabul edilmesiz” diýip ýazdy.

Russiýanyň Tomsk şäherinden Moskwa gitmek üçin 2020-nji ýylyň 20-nji awgustynda uçara münen Nawalnyýnyň uçuşyň dowamynda saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy sebäpli uçar Omsk şäherine gondy. Omskda hassahana getirilen Nawalnyýnyň çaýyna goşulan bir madda bilen zäherlenendigi öňe sürülipdi. 44 ýaşly Nawalnyý 22-nji awgustda Omskdan ýörite uçar bilen Belindäki Çarite hassahanasyna getirilipdi.



Degişli Habarlar