Indoneziýadaky ýer titremede ýogalan adamlaryň sany artdy

Indoneziýanyň Günbatar Sulawesi ştatyndaky ýer titremede ýogalanlaryň sany 81 adama ýetdi

1565464
Indoneziýadaky ýer titremede ýogalan adamlaryň sany artdy

Ýurdyň Günbatar Sulawesi ştatynda bolan ýer titremeden soň başlan gözleg we halas ediş işleri dowam edýär. 

Gözleg işleriniň netijesinde ýene-de 8 adamyň jesediniň tapylmagy bilen Mamujuda 70 we Majenede 11 bolmak bilen jemi 81 adam ýogaldy. 

Sebitde aralarynda döwlet binalary hem bolen jemi 200 bina zyýan ýetdi. Çöken binalarda gözleg we halas ediş işleri dowam edýär. 

Resmiler ýer titremede agyr ýaralanan 253 adamyň bejergisiniň sebitdäki hassahanalarda dowam edýändigini we howpsuz ýerlere göçürilenleriň sanynyň takmynan 28 müň adama ýetendigini habar beripdiler. 

Meteorologiýa klimat we geofizika edarasy, 15-nji ýanwarda ýerli wagt bilen sagat 01:28-de güýç merkezi Majene şäheriniň 6 km demirgazyk-gündogary bolan we ýeriň 10 km aşagynda emele gelen 6,2 bal ululygyndaky ýer titremäniň Palu we Makasar şäherlerinde hem duýulandygyny habar berdi. 



Degişli Habarlar