ABŞ Hytaýyň nebit kärhanasyny gara sanawa aldy

ABŞ, milli howpsuzlygyna wehim salýanlygy sebäpli, Hytaýyň Milli açyk deňiz nebit kärhanasyny (KNOOK) gara sanawa aldy

1564133
ABŞ Hytaýyň nebit kärhanasyny gara sanawa aldy

ABŞ-nyň Söwda ministrligi, Hytaýyň Skyrizon kärhanasyny bolsa harby pudak bilen aragatnaşykda bolan kärhanalaryň sanawyna alandygyny habar berdi. 

Ministrlik tarapyndan berilen beýanatda, kärhanalaryň ikisiniň hem ABŞ-nyň milli howpsuzlygyna wehim salýandygy mälim edildi. 

KNOOK-yň Hytaýyň Günorta Hytaý deňizindäki goňşularyny gorkuzmagyna kömek berýändigi bellenen beýanatda, Skyrizon kärhanasynyň bolsa harby uçarlaryň dwigatelleri ýaly enjamlary öndürip bilmek mümkinçiligine eýedigi aýan edildi. 

ABŞ-nyň Söwda ministri Wilbur Ross mesele bilen bagly beren beýanatynda, Hytaýyň Günorta Hytaý deňizindäki perwaýsyz we agressiw aksiýalary bilen ýaragalanmak bilen bagly tagallalary üçin tehnologiýa edinmek ugrundaky pozisiýasynyň ABŞ-nyň we halkara jemgyýetiň howpsuzlygyna wehim salýandygyny habar berdi. 


Etiketkalar: #Hytaý , #ABŞ

Degişli Habarlar