Alžirde minanyň partlamagy netijesinde 5 adam ýogaldy

Alžiriň Tunis serhediniň golaýyndaky Tebse welaýatynda ýoluň gyrasyna ýerleşdirilen minanyň partlamagy netijesinde 5 adam ýogaldy, 3 adam ýaralandy

1564362
Alžirde minanyň partlamagy netijesinde 5 adam ýogaldy

Alžiriň Goranmak ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Tebse welaýatynda ozaldan ýola ýerleşdirilen minanyň asuda ilaty daşaýan ulagyň şol ýerden geçýän mahaly partlandygy habar berildi. 

Partlamanyň netijsinde 5 adam ýogaldy, 3 adam ýaralandy. 

Wakadan soň sebite harby güýç gönükdirildi we derňew işi başladyldy. 

Alžir bilen Tunisiň arasyndaky serhet zolagynda eýýäm ençeme ýyl bäri terror guramasy Al Kaýda bilen arabaglanşykly bolan ýaragly toparlaryň hüjümlerine sezewar galýar. 


Etiketkalar: #hüjüm , #mina , #Al Kaýda , #Tunis , #Alžir

Degişli Habarlar