Yrakda terror guramasy DAIŞ-e garşy operasiýa geçirildi

Yragyň Kerkük şäherinde terror guramasy DAIŞ-e garşy geçirilen operasiýada guramanyň 7 agzasy öldürildi

1562527
Yrakda terror guramasy DAIŞ-e garşy operasiýa geçirildi

Kerkük şäheriniň günortasyndaky Hawije etrabynyň golaýynda terror guramasy DAIŞ-e garşy operasiýa başladyldy. 

ABŞ-nyň öňbaşçylyk etmegindäki DAIŞ-e garşy halkara koalisiýa güýçleriniň howadan goldaw bermeginde geçirilýän operasiýada, Şaý jülgesi diýilen ýeriň golaýynda DAIŞ-e degişli 2 gaçybatalga ýok edildi we 7 terrorçy öldürildi. 

Sebitde iş alyp barýan Yragyň goşunynyň hem gatnaşýan operasiýa ýene-de 2 gün dowam eder. 


Etiketkalar: #Kerkük , #Yrak , #DAIŞ

Degişli Habarlar