Yragyň Nebiti Gaýtadan Işleýän Iň Uly Zawodynda Nebit Önümçiligine Başlandy

Beýjide günde 70 müň barrel nebit öndürler

1562526
Yragyň Nebiti Gaýtadan Işleýän Iň Uly Zawodynda Nebit Önümçiligine Başlandy

 

Yragyň Salahaddin şäherinde terror guramasy DAIŞ-iň hüjümleri sebäpli hatardan çykarlan ýurduň nebiti gaýtadan işleýän iň uly zawodynda 7 ýyl soň nebit önümçiligine başlandy.

Yragyň Nebit ministrliginden berlen ýazmaça beýannama görä, Beýji zawodynda abatlaýyş işleri tamamlandy.

Beýannamada, ýurduň nebiti gaýtadan işleýän iň uly zawody hökmünde bilinýän Beýjide günde 70 müň barrel nebit öndüriljekdigi nygtaldy.

Terror guramasy DAIŞ-iň hüjümlerinden öň desgada günde 280 müň barrel nebit öndürlendigi bellenildi.

Ýurduň nebiti gaýtadan işleýän iň uly zawady 2014-nji ýylyň iýun aýynda DAIŞ tarapyndan basylyp alnypdy.

Terrorçylar tarapyndan hatardan çykarlan Beýji, 2015-nji ýylda Yragyň howpsyzlyk güýçleri tarapyndan ýaňadandan gözegçilik astyna alnypdy.



Degişli Habarlar